logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYK - SUNGAT BILEN GÜL AÇÝAR

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylarynyň gatnaşmagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlap paýtagtymyzdaky «Ertekiler dünýäsi» dynç alyş seýilgähinde,«Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Parahatlyk - sungat bilen gül açýar» atly duşuşyk geçirdi

Gahryman Arkadagymyzyň köp ugurlaýyn pikir ýöretmeleriniň, çuňňur ylmy seljermeleri esasyny özünde jemleýän «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi»,«Parahatçylyk sazy dostluk doganlyk sazy» hormatly Prezidentimiziň «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly gymmatly eserlerinde milli medeniýetimiz barada beýan edilýän wakalar barada täsirli söhbetler edildi. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi, halkara abraýynyň artmagy babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler hakyndaky gürrüňler ýaş nesillerimizde uly täsir galdyrdy. Göçme kitap sergimiz hem okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşanlar medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler!