Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2025–Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary şäher komiteti bilen bilelikde gurnaldy we jemgyýetçilik wekillerini, medeniýet işgärlerini, talyplary hem-de mekdep okuwçylaryny özünde jemledi.
Çäräniň esasy maksady parahatçylygyň durnukly ösüşiň we jemgyýetiň gülläp ösmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtamak boldy. Gurnaýjylar parahatçylygy gorap saklamagyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň zerurlygyna ünsi çekmegi maksat edindiler.
Çäräniň çäklerinde muzeý gaznasyndan parahatçylyk temasyna bagyşlanan sergi gurnaldy, şeýle-de tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda gatnaşyjylar parahatçylygy saklamak we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, medeni mirasyň parahatçylyk düşünjesini kemala getirmekdäki orny aýratyn bellenildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, gadymy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda medeni alyş-çalyşyň we halklaryň arasyndaky dialogyň merkezi bolup durandygyny, munuň hem sebitimiziň baý taryhy mirasynda öz beýanyny tapandygyny bellediler.
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen bu çäre jemgyýetde parahatçylygyň ähmiýeti we onuň gorap saklanylmagynyň zerurlygy baradaky düşünjäni ösdürmäge ýardam berdi. Mundan başga-da, bu çäre ýaş nesliň watançylyk duýgusyny we ýurdumyzyň geljegine bolan jogapkärçilik duýgusyny pugtalandyrdy. Çäräniň dowamynda parahatçylyk geljek nesillere geçirilmelidik mukaddes mirasdyr; ony gorap saklamak ähli adamzadyň umumy borjudyr; halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy berkitmek durnukly parahatçylygyň möhüm şertidigine; medeniýet we bilim bolsa parahatçylyk düşünjesini kemala getirmekde aýratyn orna eýedir diýen esasy garaýyşlar öňe sürüldi. Bu çäre Türkmenistanyň parahatçylyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasy boldy.