logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK-ÄHLUMUMY ROWAÇLYGYŇ BINÝADY

7-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylykly we inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam edýän Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge itergi bermek” atly ugurdaş çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde guraldy. Onuň gün tertibiniň esasy meselesi sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk dialogy we köpugurly hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmäge ýardam bermekden ybarat boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy “2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Dünýäniň 86 ýurdy bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, bu şanly ýyl hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Täze Kararnamada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dialog-parahatçylygyň kepili” filosofiýasy öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň işiniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda şöhlelendirildi. Konsepsiýa häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de wehimlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy we netijeli dialogyň, özara düşünişmegiň, jogapkärçiligiň esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirildi. Sözüň doly manysynda, Türkmenistanyň bu başlangyjy ähli ýurtlara dünýä gurluşynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini durmuşa geçirmegiň syýasy hem-de beýleki meselelerini öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çakylyk bolup durýar.

Konsepsiýada bellenilişi ýaly, bu wezipe ulgamlaýyn esasda çözülmelidir, degişli hukuk we institusional gurallara eýe bolmalydyr. Bu ýörelgeden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu resminama dünýä meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi göz öňünde tutýar. Ol howpsuzlygyň ähli meseleleriniň özara baglanyşygyna esaslanmalydyr we döwletleriň özara gatnaşyklarynyň täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmelidir. Şundan ugur alnyp, BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny agzalan resminama goşmak teklip edilýär. Şolaryň hatarynda gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy, jedelleri we gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik ýol arkaly kadalaşdyrmak üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmek ýaly ugurlar bar.