Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi baý many-mazmuna eýe bolýar. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan dürli çäreler halkymyzyň ruhy döredijilik güýjüni aýdyň açyp görkezýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde, ýurdumyzyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak dost-doganlygyň binýadydyr» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýäde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň döwrüň aýnasy bolan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmeginiň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürýär. Parahatçylyk, hoşniýetlilik ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyjy esasynda, diňe bir ýurdumyzda däl, bütin dünýäde parahatçylygyň, howpsuz durmuşyň höküm sürmegi ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde ýurdumyz dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzda parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri has-da baýlaşdyrylýar. Parahatçylyk ynsanyýetiň baş küýsegi, tapylgysyz baýlygy. Asudalygyň, parahatçylygyň binýadyny berkitmäge goşant goşmak her bir adam üçin mukaddes işdir.

Häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän döwlet hökmünde halkara giňişligindäki at-abraýyny belende göterýär. Döwletleriň ynanyşmak arkaly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklary, Ýer ýüzünde parahatçylygyň has-da berkäp, dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Dünýäde ynamly gatnaşyklaryň dabaralanmagy parahatçylygyň kepiline öwrülýär. Parahatçylyk adamzady gülläp ösüşlere, öňe gidişliklere atarýar. Halkymyz söz sungatyna, söz ussatlaryna hemişe uly sarpa goýupdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Täze ösüşlere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda žurnalistikanyň kämilleşdirilmegi üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen žurnalistikasyny döwrebap derejede ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar.
Maslahatyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda, dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerini dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan tutumly işleriň gazet-žurnallarda şöhlelendirilişi barada hem çykyşlar edildi. «Parahatçylyk we ynanyşmak dost-doganlygyň binýadydyr» atly maslahata gatnaşan žurnalistleriň belleýşi ýaly, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerimizi giňden wagyz etmek, baý medeni mirasymyzy nesillere ýetirmek, ýurdumyzyň dünýädäki belent abraý-mertebesini makalalarda hem-de döredilýän eserlerde giňden açyp görkezmek žurnalistleriň esasy wezipeleridir.
Halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ynamly bolmagy, parahatçylygyň binýadynyň berk bolup, has-da pajarlap ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Goý, bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak hemişe gülläp össün.