logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK DÜNÝÄ HALKLARYŇ SAZLAŞYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak dünýä halklaryň sazlaşygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Çärede dünýäde parahatçylykly ösüşi wagyz edýän Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, Garaşsyzlygyny alan gününden bäri netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýanýandygy, daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýandygy barada bellediler. Ýurdumyzyň asylly maksatlary nazarlaýan başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygy şeýle hem Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda bizi eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.