13-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Kataryň, Hytaýyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Pakistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň alymlary, professor-mugallymlary we ýaşlar gatnaşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.
Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärli çemeleşmek bilen, häzirki döwrüň wajyp meselelerini netijeli çözmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu abraýly gurama bilen yzygiderli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň martynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy degişli Kararnama bilen üçünji gezek ykrar edildi. 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
«Türkmenistan» gazeti