logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK HALKARA–GATNAŞYKLARYŇ ESASY ÝÖRELGESIDIR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

«Parahatçylyk we ynanyşmak» biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünjeler bolup, ol halkymyzyň asuda hem abadan geljegini üpjün etmekde häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa, mähriban Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýä derejesindäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak ýurdumyzyň her bir ulgamynda asylly däbe öwrüldi. Munuň bilen baglylykda gözel Diýarymyzyň her bir künjeginde halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Parahatçylyk we ynanyşmak–halkara gatnaşyklaryň esasy ýörelgesidir” atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň mysaly bolup durýar. Maslahat konserwatoriýanyň hem-de onuň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary bilen bilelikde gurnaldy. Onda ilkinji çykyş etmek nobaty konserwatoriýanyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Gülşirin Otuzowa berildi. Mugallym maslahatyň başynda özüniň giriş sözleri bilen çykyş etdi. Soňra, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk taglymaty, adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän işleri barada gürrüň berdi.

Maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Umumy ynsanperwerlik we durmuş ykdysady dersler” bölüminiň müdiri Enejan Amangeldiýewanyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol öz çykyşynda Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin gürrüň berdi.

Indiki söz nobaty “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Annanabat Hojamämmedowa berildi. Maslahatda mugallym Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň BMG-niň dürli ugurlar boýunça işleri alyp barýan halkara guramalaryna agzalyga kabul edilmegi, milli medeni mirasymyzyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hakyndaky täsirli maglumatlary diňleýjiler bilen paýlaşdy. Ol çykyşynyň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly–dünýäniň akyldary” atly kitabyndan “Şahyryň arzuw-umytlaryny hakykata öwürýäris. Şol pähim-paýhaslar, öwüt-nesihatlar, jaý maslahatlar arkaly halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidýäris. Medeni gatnaşyklary ilerletmek bilen, dünýä halklarynyň arasynda ýürekleriň we maksatlaryň bir bolmagyny gazanýarys” diýen parasatly setirleri dile getirip, sözüni jemledi.

Ylmy-amaly maslahat “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy Leýli Sapargeldiýewanyň çykyşy bilen dowam etdirildi. Onuň çykyşynda halkara guramalaryň döreýiş taryhy, dünýä ýüzünde uly abraý gazanan iň gadymy halkara guramalar barada gyzykly maglumatlar diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi.

Soňra söz gezegi ýörite sazçylyk mekdebiniň “Umumy ynsanperwerlik we durmuş ykdysady dersler” bölüminiň mugallymy Gülkamar Gurtgeldiýewa berildi. Mugallym öz gürrüňinde 2025-nji ýylda giňden belleniljek baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli dünýä halklary bilen doganlygyň, dostlugyň has-da ýaýbaňlanan ösüşlerini gazanmaklyga gönükdirilen işler barada aýdyp geçdi.

Maslahatyň ahyrky pursatlarynda “Sazşynaslyk” hünäriniň talyby Jeýran Joraýewa “Parahatçylyk we ynanyşmak–adamzadyň abadan geljegi” atly temasy bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzadyň howpsuz, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri hakynda gürrüň berdi. Umuman, ylmy-amaly maslahatyň dowamynda diňleýjileriň dykgatyna ýetirilen çykyşlar özüniň täsirli mazmuny bilen olarda uly gyzyklanma döretdi.

Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde döwlet, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw edildi.

Jeýran JORAÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby