Azatlygy we erkinligi goran ata–babalarymyzyň harby edermenligine buýsanç duýgusyny kalbymyzda besleýän bu ajaýyp we mukaddes baýramçylyk ýeňşiň nähili tagallalar bilen gazanylandygyny bize hemişe ýatladyp durýar. Şol ýowuz günlerde watan gerçekleriniň görkezen gahrymançylygy bize geljekde-de watançylygyň, edermenligiň hem-de durnuklylygyň nusgasy bolup hyzmat eder.
Ýeňiş baýramy türkmen halky üçin iň bir mukaddes baýramçylyklaryň biri hasaplanylýar. Şu günler Türkmenistan Diýarymyzyň ähli künjeginde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» geçirilýän dabaralar bilen utgaşýar. Hut şu mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty-halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlap «Bakylyga öwrülen mertler» atly wagtlaýyn sergi gurnaldy.
Bu gurnalan wagtlaýyn sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan taryhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi görkezildi. Sergide ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklarymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baý medeni ruhy hem milli mirasyny şöhlelendirýän 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşyna degişli ylmy maglumatlary, taryhda yz goýan uruş ýyllaryň taryhyndan söz açýan Türkmenistanly gahrymanlarymyz hakyndaky fotosuratlar, Beýik Ýeňşiň dabaralanyşy we Watan gahrymanlaryna goýulýan hormat-sylagy hem-de Lebap welaýatyň «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplary ýaly taryhy gymmatlyklarymyz sergide öz beýanyny tapdy. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar asuda, parahat, eşretli zamanada ýaşamaga, okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri, şertleri üçin parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny sagbolsunlaryny beýan etdiler.