Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda, şeýlede Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin, belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp, asuda, parahat zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda asudalygy, parahatçylygy, daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen aýtdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
