logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty atly duşuşyk

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän çagalaryň arasynda “Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty” ady bilen “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy dostluk doganlyk sazy” atly gymmatly eserinden parahatçylygyň waspçysy bolan şükür bagşygynyň keşbiniň çeperçilik bilen beýan edilişi barada täsirli gürrüňleri berdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar parahatçylygyň geljege iň mukaddes mirasdygyny dünýä ýüzüne ykrar edýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.