Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Baş bilim müdirliginiň Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak umumadamzat gymmatlygy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmakda uly işleriň alynyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli taglymaty, külli adamzadyň röwşen geljegini nazarlaýan başlangyçlary bilen uly ykrarnama eýe bolandygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzy eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.