Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak–halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgeleri» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda möhüm orun tutýan adalgalardyr, gymmatlyklardyr. Mälim bolşy ýaly, halkymyz gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk we ynanyşmak sözlerine çuň many-mazmuny özünde jemleýän adalgalar hökmünde garapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasady, aýdyň maksatly beýik başlangyçlary boýunça ýurdumyzda her ýyla döwrebap we mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýlip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýarys. Bu şygar döwletimiziň we jemgyýetimiziň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkynyň arzuw-umytlaryny myrat edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.