logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK-ÝÜREK NURYMYZ!

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ne Mary welaýat kitaphanasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylyk, ynanyşmak-ýürek nurymyz» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň, Mary welaýat Adalat bölüminiň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň hünärmenleri, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu geçirilen söhbetdeşligiň maksady, Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylygy paýlaýjy halk bolup tanalyp, onuň geljekki döwürde hem ýaşlarymyzyň arasynda wagyz edilmegi bolup durýar. Söhbetdeşlik gatnaşyjylarda şeýle-de talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda biz ýaş hünärmenlere gelejekde kitaphana ulgamyny ösdürmekde birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy, goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il- ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!