logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK–HALKLARYŇ ARZUWY

PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK–HALKLARYŇ ARZUWY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Parahatçylyk, ynanyşmak-halklaryň arzuwy» ady bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» köpugurly stadionynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistan ýurdumyzyň parahatçylyk syýasaty, türkmen halkynyň taryhynda asyrlar boýy dowam edip gelýän özboluşly aýratynlygynyň bardygyny nygtap, Türkmenistan döwleti beýleki halklar bilen ylalaşykly, arkalaşykly ýaşamagyň we birek-biregi goldamagyň, hemaýat bermegiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýokary nusgasyny görkezýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, dünýäniň syýasy giňişliginde mynasyp orun tutýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.