logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYK ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan çuňňur içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Sentýabr aýynyň 13-ne Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynda «Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI» maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň hoşniýetli, dostlukly, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň mazmuny we ugurlary ýyl-ýyldan artýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetini, däp-dessuryny dünýäniň ýüzünde wagyz etmekde we onuň taryhyny, dilini öwrenmekde birleşigiň daşary ýurtly agzalary öz ýaşaýan ýurtlarynda dürli çäreleri yzygiderli guraýarlar.

Maslahatyň çäginde Jemgyýetçilik guramasynyň merkezi eýwanynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň milli gymmatlyklary bolan şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk we amaly-haşam sungaty ugurlaryna degişli eserleriniň sergisi giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Serginiň gymmatlyklary türkmen halkynyň taryhyny, däp-dessuryny, häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykan özboluşly sungatyny we ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berýär. Bu döredijilik sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerip, dünýäde ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar.

Tawus GARAJAÝEWA

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri