logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYK–BAGTYÝARLYGYŇ AÇARY

PARAHATÇYLYK–BAGTYÝARLYGYŇ AÇARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda «Parahatçylyk–bagtyýarlygyň açary» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler parahatçylyk we ynanyşmak–Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň goşa ganatydyr, umumadamzat durmuşy üçin iň zerur şertleriň biri bolan parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygynyň we ösüşiniň naýbaşy ýörelgeleridir diýip söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.