logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYK–DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylyk–durnukly ösüşiň kepili» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen döwletdigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasatlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygy, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öz gözbaşyny hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan alyp gaýdýandygy, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri pederlerimiziň parahatçylyk, asuda, abadan durmuş hakyndaky isleg-arzuwlarynyň wysalydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.