logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYK–ÖSÜŞLERIŇ WE HYZMATDAŞLYKLARYŇ ESASY ÝÖRELGESI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Parahatçylyk–ösüşleriň we hyzmatdaşlyklaryň esasy ýörelgesi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen dost–doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy barada bellediler. Şeýle-de häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda dünýäde hemişe parahatçylygyň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.