Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň bu gün bütin dünýäde dabaralanýandygy, ýurdumyzda beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek esasynda özara bähbitli gatnaşygyny yzygiderli ösdürilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilýän ýyly bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.