logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATDYR WATANYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de giňden wagyz etmek, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalardan öňdebarjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen yglan eden «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym» ady bilen hünär bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşige Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamyndan 7 sany kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertleri öňünden taýýarlanyp elektron we taýýar nusgalary eminler tarapyndan seljerildi. Bäsleşige gatnaşýan kitaphana hünärmenleri şertleri esasynda ussatlyk bilen çykyş edip, öz alyp barýan işlerini çeper beýan etdiler we öz hünärlerine ezberligini görkezdiler. Eminleriň gelen netijeleri boýunça ökde çykyş edip saýlanan hünärmenler 1-nji, 2-nji baýrakly orna mynasyp bolup, hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle-de çykyş eden kitaphana hünärmenlerine höweslendiriji hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy hem-de 1-nji, 2-nji orna mynasyp bolan kitaphana hünärmenleri bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.