logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATDYR WATANYM,EZIZ TÜRKMENISTANYM

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda guralýan «Parahatdyr Watanym,eziz Türkmenistanym» atly hünär bäsleşigi geçirildi.

Bu hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň jemi jemlenip,bäsleşikde üstün çykan hünärmenlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar, we Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar dabaranyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,beýik işleriniň mundan buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.