logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATDYR ÝURDUMYZ-AÝDYŇ BARÝAN ÝOLUMYZ

PARAHATDYR ÝURDUMYZ-AÝDYŇ BARÝAN ÝOLUMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Köpetdag etrap häkimliginde 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Parahatdyr ýurdumyz-aýdyň barýan ýolumyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýanlygy, esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigi barada bellediler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzy ösüşleriň şanly menzillerinden aýdyň ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.