logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATDYR ÝURDUMYZ-BAGTLYDYR ZENANLARYMYZ

PARAHATDYR ÝURDUMYZ-BAGTLYDYR ZENANLARYMYZ

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat zenanlar bölüminiň we bu medeni ojagyň bilelikde guramaklarynda welaýatymyzyň zehinli, ökde işewir, döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň, kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly-türkmen zenanlarynyň döredijilik ylhamynyň gözbaşy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, taryhda yz goýan zenanlarymyzyň gahrymançylyklary, enelerimiziň ýadawsyz zähmeti barada söhbetler edildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan «Milli mirasymyz-ruhy baýlygymyz» ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar we Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döreden eserleriniň sergileri gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyňGalkynyşy döwründe döwrebap ýaşamana, zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.