logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATLYK, ASUDALYK MUKAMY, GUTLY BOLSUN GARAŞSYZLYK BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Parahatlyk, asudalyk mukamy, gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler halkymyzyň hasyl bolan arzuwy-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk taryhy senesi toý-dabaralara beslenip, zähmetsöýer halkymyzyň mizemez agzybirliginiň, waspy bolup has-da belentden ýaňlanýandygy, barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän çykyşlara tomaşa edildi.

Çäräniň ahyrynda eşretli zamanamyzy beýik ösüşlere besläp, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.