logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATLYK, ASUDALYK–ÝÜREKLERIŇ ARZUWY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Parahatlyk, asudalyk–ýürekleriň arzuwy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigini hem-de Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenip, halkara derejesinde belent abraýa eýe bolýandygy hakynda gürrüň berdiler. Geçmiş taryhymyzda açyk asmanyň asuda bolmagy pederlerimiziň ynanjy bolup, ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige ýugrulan asylly ýörelgeler häzirki döwürde döwrebap ösdürilýändigi we dünýä ýaýylýandygy barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdymyzyň halkara abraýynyň belende galmagy ugrunda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.