logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«PARAHATLYK AÝDYMY» ATLY KOMPOZITORLARYŇ TÄZE ESERLERINDEN DÜZÜLEN KONSERT

Parahatçylygyň we agzybirligiň Watany bolan eziz ýurdumyz Türkmenistanda şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly konsertler, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem “Parahatlyk aýdymy” atly kompozitorlaryň arasynda täze döredilen eserleriniň ýaňlanmagydyr. Ata Watanymyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini, gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdymlary döretmek maksady bilen geçirildi. Täze döreden eserler solist, hor we simfoniki orkestr üçin niýetlenendi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda geçirilen bu dabarada kompozitorlar Begmyrat Hudaýberdiýew, Aýläle Gulmuradowa, Wera Abaýewa, Yhlas Artykow, Saparmyrat Baýlyýew, Çary Amanýazow, Aman Akmyradow, Tylla Sätiýewa, Nury Ataýew ýaly ýaş kompozitorlaryň eserleri ilkinji gezek simfoniki orkestriniň, horuň ýerine ýetimeginde ýaňlandy. Kompozitorlara “Minnetdarlyk haty” we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu konsert Begmyrat Hudaýberdiýewiň “Alkyşnama” eseri bilen açyldy, soňra Aýläle Gulmuradowanyň “Watanym”, Wera Abaýewanyň “Türkmenistanyň ýaňy”, Yhlas Artykowyň “Eziz Türkmenistan”, Çary Amanýazowyň “Türkmenistanym”, Aman Akmyradowyň “Gahryman Arkadagly Serdarymyz”, Tylla Sätiýewanyň “Atalyk mekdepdir Arkadagymyz”, Saparmyrat Baýlyýewiň “Türkmenistanym”, Nury Ataýewiň “Bitaraplyk, Parahatlyk senasy” atly eserleri dabaraly ýerine ýetirildi.

Konsertda ýaňlanan eserleriň ählisi Solist, hor we simfoniki orkestri tarapyndan ýerie ýetirildi. Hor toparynyň çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew, hormeýstrler Täzegül Çaryýewa hem-de Rano Orunowa, orkestriň çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatow, dirižýorlar Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň “Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Döwletmämmet Ökdirow hem-de 5-nji ýyl talyp Kowus Bäşimow.

Biz ýaşlaryň öz ukyp başarnyklarymyzy açyp görkezmekde, ýurdumyzy wasp edýän joşgunly eserleri döretmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän, sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Aýläle Gulmuradowa

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby