logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATLYK BU TÜRKMENIŇ ÝOLUDYR, YNANYŞMAK KÖŇÜLLERIŇ NURUDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Parahatlyk bu türkmeniň ýoludyr, Ynanyşmak köňülleriň nurudyr» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda berkarar döwletimiziň çar tarapa uzaýan dostluk ýollary bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, ösüşleriň ýoly bolup, halkyň bagtyýar durmuşy üçin uly ähmiýetli wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, halkara gatnaşyklarda gazanylýan netijeler ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýändigi barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sazyň, sözüň güýji bilen bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlaryň çeper beýany bolan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynyň many-mazmyny barada hem giňişleýin belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.