logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATLYK-DÜNÝÄ DOLAN BAGTYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Baýramhan» seýilgähinde «Parahatlyk-dünýä dolan bagtymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler parahatçylyk ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýandygy, muňa döwletimiziň dünýäni parahatçylyga çagyrýan, adamzady ynanyşmaga ugrukdyrýan ýurt hökmünde tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly ajaýyp goşgularyny talyplaryň labyzly okamaklary, çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda parahat Diýary, rahat durmuşy, eşretli zamany halkyna peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.