logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATLYK HEMRA HER BIR YNSANA, YNAM BILEN GELJEGIMIZ NURANA

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Parahatlyk hemra her bir ynsana, ynam bilen geljegimiz nurana” atly söhbetdeşligi ýazgy etdi.

Türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan gaýdýan döwletlilik ýörelgesi bar. Ol ýörelge parahatlykdan, ynsanperwerlikden, dost-doganlykdan, ygrarlylykdan gözbaş alýar. Dünýäde üç gezek hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan Watanymyz döwletlilik ýörelgesine wepaly bolmak bilen, ýurdumyzyň at-abraýyny Arşa göterdi. Eziz diýarymyz dünýäniň ähli ýurtlaryna, şol sanda goňşy döwletlere doganlyk goluny uzatmakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm işleri alyp barýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar parahatçylyk ýoluny saýlap, ynamyň we döredijiligiň esasynda döwletimiziň beýik geljegini gurýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.