Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Parahatlyk sungat bilen gül açýar» atly duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy» atly gymmatly eserinde sazyň güýji bilen gazanylan üstünlik we parahat ýaşaýyşyň gadyr-gymmaty barada beýan edilen wakalar hakynda täsirli gürrüň berdi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy parahatlygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.