logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATLYK ÝOLUN SAÝLAN AŞGABAT

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap gözel paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähinde «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ak şäherim Aşgabat» atly söhbetdeşligini geçirdi. Duşuşygyň dowamynda dünýäde sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden ykrar edilen Aşgabat şäherimiziň ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alandygy barada hem-de Aşgabat şäherimiziň söýgüniň we umytlaryň şäheri hökmünde raýatlarymyza bagt paýlaýan binalaryň milli bezeg aýratynlyklary barada täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmakda ägirt uly şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler