logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATLYK ÝOLY–BAGTYÝARLYK ÝOLY

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, ýurdumyzyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Parahatlyk ýoly–bagtyýarlyk ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Diýar» žurnalynyň bölüm redaktory Akkeýik Allagulyýewa dagy gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, dost-doganlyk watansöýüjilik terbiýesiniň esasy özenidir. Parahatçylygyň belent düşünjeleriniň çuň many-mazmunynyň Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenista-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgularynyň gymmatly pikir-garaýyşlarynda beýan edilýändigini belläp geçdiler.

Şeýle hem häzirki döwürde medeniýet diplomatiýasy döwletiň daşary syýasatynda dostlugyň has-da pugtalandyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat etmek bilen, dünýäniň medeni siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyz goňşy we dünýä döwletleri bilen dostlukly hyzmatdaşlyk etmekde hem medeni ugra uly üns berýär. Munuň özi dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň binýadynyň berkemegine oňyn täsirini ýetirýär. Parahatçylygyň bagtyýarlyk ýoludygyny dabaralandyrýar. Şeýle hem çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynyň başynda geçiriljek, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çäreleri we forumlary hakynda durup geçdiler. Ýurdumyzda geçirilýän iri halkara çäreleriniň halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine oňyn ýardamyny ýetirýändigini nygtadylar.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar parahat ýurdumyzy dost-doganlygyň mekanyna öwren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.