logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARIŽDE ÝAÝBAŇLANAN DABARALAR

Häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň hormatly Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, türkmen we fransuz halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanda hem-de Fransiýa Respublikasynda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewleriň mekanydygyny aýdyň açyp görkezýär. Dünýä döwletlerinde şu ýylyň şygaryny dabaralandyrýan çäreler yzygiderli geçirilýär.
Şu ýylyň 4-nji aprelinde medeniýet we sungat ussatlarymyzyň Pariž şäherinde geçirilen konserti hem, şu ýylyň şygaryna bagyşlandy. Dabarada Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Esenowiç Çaryýew gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Pariž şäherinde geçirilen konsertde ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlaryny tomaşaçylar gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
6-njy aprelde bolsa Parižda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda ussatlyk sapaklary guraldy. Munuň özi, medeniýet we sungat ussatlarynyň birek-biregiň sungatlary bilen ýakyndan tanyşmaklarynda, tejribe alyşmaklarynda uly orun eýeleýär. Dabaralarda milli gymmatlyklarymyzyň sergisi ýaýbaňlandyryldy hem-de tomaşaçylar sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Pariždäki dabaralar türkmen-fransuz halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Dabara gatnaşyjylar türkmen-fransuz dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň hormatly Döwlet Baştutanlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.