logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«PARS, TÄJIK ŞAHYRY» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň arasynda Abdylkasym Firdöwsiniň doglan gününiň 1085-ýyllygyna bagyşlap “Pars, täjik şahyry”atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda Pars, täjik halkynyň beýik şahyry Abdylkasym Firdöwsiniň “Şanama” diýen eserinde Rüstemiň şikara çykyşy, onuň Samangan şasy bilen duşuşygy, Suhrabyň Ak galany basyp alşy. Ol Pars, täjik döwletiniň edebiýatynda mynasyp orun almagynda uly goşant goşdy. Beýik şahyryň döreden eserleri, häzirki nesiller üçin buýsanç hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmeniniň talyp ýaşlara beren gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli edebiýatymyzy döredijilik ýoluny öwrenmeklikde ägirt uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edildi.