logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARYZDEPE

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde 2024-nji ýylda möwsümleýin işler alnyp baryldy.

Gazuw-barlag işleriň dowamynda arheologlar Paryzdepe ýadygärliginden keramika böleklerini ýüze çykardylar. Bu keramika bölekleri arassalanylyp, alymlar tarapyndan öwrenilende eneolit döwrüne degişlidigini kesgitlediler. Keramikanyň ýüzünde goňur reňkli üçburç şekiller çekilip, bezelendigi aýdyňlaşdyryldy.

Keramika bölekleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň rejeleýjileri A.Şaýymowa we K.Berdimämmedow tarapyndan rejelenýär. Keramikada rejeleýiş işleri doly tamamlanandan soňra Türkmenistanyň muzeýleriniň birine tabşyrmak meýilleşdirilýär.