logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Paryzdepe ýadygärligi

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Miras teleýaýlymyň taýýarlamagynda “Paryzdepe ýadygärligi” barada gürrüňdeşlik geçirildi geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde medeni gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Ýurdumyzda ýerleşýän medeni ýadygärliklerimiziň çäklerinde yzygiderli gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar. Şeýle işleriň netijesinde bolsa, gadymy türkmen topragynyň taryhyndan habar berýän birnäçe tapyndylaryň üsti açylýar. Türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyndan habar berýän birnäçe ýadygärlikler ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle gadymy ýadygärlikleriň biri hem Paryzdepe ýadygärligidir. Paryzdepe ýadygärliginiň biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda dörändigini hem-de giçki orta asyrlara çenli ösüşini taryhy çeşmelerden bilmek bolýar. Bar bolan maglumatlara göra, 2016-njy ýylda Paryzdepede ylmy-derňew işleri geçirilip başlandygy barada giňişleýin gürrüňler edildi.

Bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik tutumlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik başlangyçlary hemişe rowaç alsyn.