Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan ýakynda 52-nji orta mekdepde bilim alýan ýaş nesilleriň arasynda “Paýhas donly agras güýzüm” atly güýz pasly hakynda döredilen goşgulara bagyşlanan çeper okaýyş çäresi geçirildi.
Güýz paslynyň gelmegi bilen türkmen tebigaty aýratyn gözellige beslenýär. Baglaryň ýapraklary altyn öwüşginlere eýe bolup, bagy-bossanlyklar özboluşly gözelligi bilen görenleri haýrana goýýar. Tebigatyň gözelligi edebiýatda hem öz beýanyny tapýar. Türkmen şahyrlarynyň döredijiliginde güýz pasly, ýapraklar, asuda asman, bereketli toprak we tebigatyň gözelligi çeper sözleriň üsti bilen wasp edilýär. Şular hakynda hem-de ýazyň, güýzüň şahyry hasaplanýan Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginde güýz paslynyň wasp edilişi barada kitaphana hünärmeni ýaş nesillere çeper okaýyşly täsirli gürrüňleri berdi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda bag nahallaryny ekmek, tokaý zolaklaryny döretmek, şäher we obalaryň gözel keşbini has-da gözelleşdirmek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.