logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Paýhasly geňeş batly gadamlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günümiz toýdur-baýramlara beslenýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda “Paýhasly geňeş batly gadamlar” atly maslahaty geçirildi. Maslahatda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredendigi, Eziz Diýarymyzyň gün saýyn artýan halkara abraýyna syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuşda gazanylýan tükeniksiz üstünlikleri barada, şeýle-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti we oňa ýokary derejede görülýän taýýarlyklar dogrusynda bellenip geçildi.

Maslahatyň ahyrynda ýetip gelýän Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllyk şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ýurdumyzyň bagtyýar halkyny tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläkde gülläp össün!