2-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy.
Ählumumy ösüş ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen aýrylmaz baglydyr. Halklaryň hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň berkligi özara bähbitli hyzmatdaşlyk gurşawyny emele getirmekde esasy gymmatlyklardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ilerledip, sebitdäki we ählumumy ösüşe mynasyp goşant goşýar.
«Türkmenistan» gazeti