14-nji aprelde paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybaratdyr.
Häzirki döwürde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär. Ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň giňeldilmegi, döwrebap şertleri özünde jemleýän dynç alyş we myhmanhana toplumlarynyň döredilmegi, milli syýahatçylyk pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy we onuň ählumumy ulgama goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikler açylýar.
«TÜrkmenistan» gazeti