Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Hatyralamak mukaddes dessur» atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününiň bellenip geçilýändigi, halkymyzyň bu günki ajaýyp durmuşy üçin Watan ogullarynyň hatyrasyny belentden tutup, olaryň ýadygärliklerine tagzym edip, gerçekleriň synmaz ruhuna sarpasyny bildirýändigi barada gürrüň berdiler. Gerçekleriň gahrymançylyklaryna çäksiz hormat goýulýandygy, olaryň edermenlikleriniň sarpalanýandygy hakynda belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.