Hormatly Prezidentimiziň saýasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlamak, watansöýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlary has-da rowaçlandyrmak, nesillerde watansöýüjilik we ynsanperwerlik duýgularyny ösdürmek maksady bilen, Hatyra güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher orta hünär okuw mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäresi ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.
Bize şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, edermen gahrymanlarymyzy ýatlamaga mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.