logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«PEDERLERIMIZE HORMAT» ATLY SERGI

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýer titremesiniň şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary ýatlanylýar. Şeýle pajygaly hadysalaryň bolmazlygyny diläp, bütin türkmen halky ýagşy doga-dilegleri edýärler. Şol güne bagyşlanyp biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem “Pederlerimize hormat” atly sergi gurnaldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň “Gökdepe bosgunlary”, Ýarly Baýramowyň “Ajy habar”, Annamämmet Hojanyýazowyň “Betbagtçylyk”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Kulyýewiň “Dileg” hem-de ussat suratkeşlerimiz Hoşgeldi Şahberdiýewiň “Tyldaky esgerler”, Kakamyrat Baýlyýewiň “Ýer titreme” ýaly nakgaş eserleri, ussat heýkeltaraşlarymyz Alekseý Şetininiň “Ýeňiş ady bilen at we gylyç”, Muhammet Ýüzbaşewiň “Habar”, “Garaşmak” atly heýkel eserlerinde öten-geçenleriň ýowuz günlerinden bir pursat şekillendirilipdir.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda jebisleşip gurýan we döredýän eziz halkymyz nesilden-nesle geçip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýulýar. Watanymyza hyzmat etmegiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlaryň, tebigy betbagtçylyk zerarly öý öwzaryny ýitiren hem-de ejir çeken, emma ýowuz synaglara döz gelip, diri galan hem-de öz merjen şäherimizi gaýtadan dikelden gahrymanlarymyzyň öňünde baş egýäris!