Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Pederlerimiziň edermenligi–görelde mekdebi» atly sergi geçirildi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda, parahatçylykly Bitarap Watanymyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, watansöýüjiligi, mertligi, edermenligi gahrymançylygy bilen taryhda ebedilik yz goýan merdana pederlerimiziň sarpasy belent tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bu ýylda halkymyz Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş bilen tamamlanmagynyň 80 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçýär. Ýokary batyrgaýlyk, edermenlik hem-de gahrymançylyk ruhuna beslenen köp asyrlyk taryhymyzda pederlerimiziň Watan goragynda görkezen gahrymançylygy türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Adamzat nesliniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin söweşen edermen ýigitlerimiziň söweş meýdanlarynda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna, nusgalyk edermenligine biz bu günki gün çäksiz hormat goýýarys.
Beýik Ýeňşiň 80 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet «Pederlerimiziň edermenligi–görelde mekdebi» atly sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hormatly il ýaşululary hem çagyryldy. Olar öz gezeginde şol gazaply uruş ýyllarynda tylda halkymyzyň çeken ýadawsyz zähmeti, türkmen ýigitleriniň watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, görkezen gahrymançylygy barada gyzykly gürrüň etdiler. Soňra myhmanlar muzeýde guralan sergä aýlanyp gördüler. Olar sergide görkezilen Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna degişli bolan taryhy gymmatlyklaryň galdyran täsiri barada özara pikir alyşdylar.