Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan golaýda her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenilýän Hatyra gününe bagyşlanyp, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Pederleriň hatyrasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly däplerimize we ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýlup, olaryň mynasyp dowam etdirilýändigini bellemek bilen, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda tebigy betbagtçylyk-ýertitremäniň bir pursatda paýtagtymyzy weýran edendigini, emma halkymyzyň ykbalyň agyr kynçylyklaryna ruhdan düşmän, olary ýeňip geçmegi başarandygyny nygtadylar. Şeýle hem, häzirki wagtda Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň paýtagtyna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler.