logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PEDERLERIŇ HATYRASY–HALKYMYZYŇ HAKYDASY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda «Pederleriň hatyrasy–halkymyzyň hakydasy» atly sergi guraldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp «Pederleriň hatyrasy–halkymyzyň hakydasy» atly sergi gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, milli halk senetçiliginiň eserleri, zergärçilik we bezeg önümleri, dokumental fotosuratlar görkezilýär. Sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümi Aşgabat ýertitremesine, ikinji bölümi bolsa Gökdepe söweşine bagyşlanýar.

Serginiň birinji bölüminde Döwlet muzeýiniň «Ýazuw çeşmeleri» gaznasynda saklanylýan dokumental fotosuratlara aýratyn orun berilýär. Aşgabat şäheriniň taryhyna bagyşlanan suratlar tematiki taýdan toparlara bölünip, onda Aşgabat şäheriň ýertitremeden öňki görnüşlerine, XX asyrdaky we Garaşsyzlyk döwrüniň binagärçiligine degişli bolan fotosuratlar görkezilýär. Aşgabat ýertitremesi ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine hem uly zeper ýetirdi. Sergide Seýitjemaleddin metjidiniň bina bölekleri hem sergilenýär.

Serginiň dowamynda paýtagtymyzyň häzirki ak mermere bürenen gözel keşbini wasp edýän türkmen zergärleriniň zähmetsöýer ellerinden çykan zergärçilik eserlerine aýratyn orun berilýär. Bu eserler gözel paýtagtymyzyň mermer binalaryny wasp edip, milliligimizi özünde jemleýär.

Serginiň ikinji bölüminde türkmen gerçekleriniň taryhda görkezen gahrymançylykly hereketlerini aýdyň şöhlelendirýän Gökdepe söweşinden söhbet açýan muzeý gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Sergide goýlan şekillendiriş sungatynyň eserlerini hem-de fotosuratlary synlanyňda bu söweşde görkezilen edermenligi aýdyňlygy bilen duýmak bolýar. Şeýle hem sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan söweş ýaraglary, sowuk ýaraglar hem görkezilýär.

Hatyra gününde ýurdumyzda merdana ata­babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirip, öten­geçenlerimizi, Gökdepe söweşinde wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan ildeşlerimizi hatyralanýar.