Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň hem gatnaşmagynda «Pederleriň nusgalyk ýoly» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşynda ýeňiş gazanmagy we türgenleriň, futbolçylaryň haýyşy esasynda toparyň gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gullugyna geçirmegi, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly çözgüdi bilen şol pul baýragyny Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze guruljak binasynyň gurluşygyna gönükdirmek hakyndaky karary mynasybetli kitaphanaçylar ýürek buýsançlaryny, alkyşlaryny beýan etdiler. Hem-de özlerine bildirilýän beýik ynamy ödemek üçin irginsiz zähmet çekjekdiklerine tüýs ýürekden ynandyrdylar.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda kitaba, kitaphanalara aýratyn hormat-sarpa goýýan, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.