logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PEDERLERIŇ RUHUNA TAGZYM

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 47-nji çagalar bagynyň usulçylary bilen bilelikde welaýat çagalar kitaphanasynda körpe çagalarynyň gatnaşmaklarynda sesli okuw çäresi geçirildi.

Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli kitaphananyň kitap gaznasyndan «Pederleriň ruhuna tagzym» atly wagtlaýyn sergisi gurnaldy. Bu serginiň üsti bilen ýaşlarymyza watan mukaddesligi, edermen pederlerimiziň gaýduwsyzlygy, Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygy hakynda gürrüňler berildi. Gahryman Arkadagymyzyň mertlik hakynda «Mertler watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserlerinden täsirli gürrüňler edildi.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgelerini durmuşa geçirýän ýurdumyzy dünýä derejesine parahat alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.