logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PEDERLERIŇ TAGZYM-TOPRASY

PEDERLERIŇ TAGZYM-TOPRASY

Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Pederleriň tagzym topragy» ady bilen dabara geçirildi. Ata Watanymyza bolan bimöçber söýginiň ýüze çykmasyna öwrülen bu watançylyk çäresine ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän harby bölümleriň gullukçylary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň atasy, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Watan goragynda görkezen, ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülen gahrymançylygy, Watan mertebesiniň, Watan topragynyň mukaddesligi, ene topragy goramagyň, gözümiziň göreji ýaly ezizläp saklamagyň nesilleriň mukaddes borjudygy barada edilen çykyşlar uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik watançylyk taglymaty, peder ýörelgesini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen parahatsöýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty, döwletimiziň dost-doganlyga ýugrulan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde eýeleýän möhüm ähmiýeti, 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip, yglan edilmeginiň çuňňur mazmuny baradaky çykyşlar hem aýratyn täsirli boldy. Dabara gatnaşyjylaryň bu ýerde ýerleşdirilen, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gerçek ýigitlerimiziň görkezen gaýduwsyzlygyny, ildeşlerimiziň tylda çeken gahrymançylykly zähmetini teswirleýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmaklary, ýaş nesilleriň merdana pederlerimiziň şöhratly ýoluna bolan buýsançlaryny artdyrdy.