logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PEKINDE GEÇIRILEN MEJLIS

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň netijesinde, Hytaý Halk Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilýär. Bu babatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetine we onuň kiçi komitetlerine möhüm orun degişli bolup durýar.

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Bu mejlise ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Mejlisde Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Myradalyýew çykyş etdi.